Demir At kompaniýasy 1993 ý. esaslandyryldy we giñ gerimli işleri bilen halkymyza hyzmat edip başlady. Häzirki wagtda Demir At haryt nyşanly hyzmat merkezleriniñ we dükanlarynyñ paytagtymyzda 3 sany nokady işleýär. Şeýle hem harytlar ýurdumyzyñ ähli künjeginiñ serwis merkezlerine we awtoulag dükanlaryna ýaýradylýar. Aýratynlyklarymyz: Biziñ söwda we hyzmat nokatlarymyza gelýän müşderilere ýokary derejede hyzmat edilmek bilen, olaryñ garaşýan wagtyny rahat we oñaýly geçirmekleri üçin döwrebap şertler döredilen. Dükanymyzda çaý, kofe, sowuk içgileri hödürleýän kofeteriý hyzmat edýär. Harytlaryñ baý gornüşi we dünýä ülñülerine laýyk gelmegi biziñ iñ esasy aýratynlyklarymyzyñ biridir. Kämil derejede hyzmaty ýola goýmak bilen, müşderileriñ islän harydyny gysga wagtyñ içinde dünýäniñ ähli künjeginden getirip bermek biziñ baş wezipelerimiziñ biri bolup durýar.
Hyzmatlarymyz: Ýag çalyşmak, razwal, balansirowka, diskany gönülemek wulkanizasiya, teker ýamamak we akumuluýator çalyşmak, satyn alnan harytlary dakyp bermek, ulanylan tekeri yzyna satyn almak we ş.m.